Nika Dogalary (#12017)

Eý Perwerdigär! Bu baglan ýanýoldaşlyk nikaňy berk et we bu bendäň bilen bu keniziň arasynda ruhy hem jismi baglanşyk miýesser eýle. Bu birleşigi düşümli we bu öýlenmegi şatlyga sebäpkär bolar ýaly et.
    Olaryň ikisi hem hakykaty söýüp, sadyklyk bilen Seniň Mukaddes Gapyňa tagzym eder ýaly, olaryň ruhanylygyny artdyr hem olara nuranalyk bagyş eýle. Olar Senden özge kimsäni islemeýärler, Senden başgany gözlemeýärler we diňe Seni ýatlaýarlar. Olar Seniň köýüň sergezdany hem Seniň roýuň perişanydyr. Sensiň Eziz hem Mähriban. Sensiň Geçirimli hem Ýalkaýjy. Sensiň üstünlik berýän, kabul edýän, Bagyşlaýjy hem Mähriban.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Nika Dogalary (#12018)

Hu’Alla.
    Eý Taýsyz Taňrym! Adamzat nesli barlyk äleminde dowam etsin diýip elmydama Seniň birlik dergähiňe tagzym edip hem sygynyp, saňa ybadat hem alkyş etsin diýip, Öz çäksiz uly hikmetiň bilen, öýlenmek däbini asyrlar boýunça ýazgyt etdiň. Ynsy-jynsy Saňa tagzym etmek üçin ýaratdyň. Indi, söýgi höwürtgesiniň guşlary bolan bu iki ynsana, bu iki söýgi deňziniň birikmesinden dostluk tolkuny galkynyp päk hem Mukaddes nesliň dürleri kenara geler ýaly, olara Öz Taňrylyk Melekutyňda söýgi nikasyny bagla we olara Ebedi ykbal bagyş eýle. “Iki deňiz bir-birine ýetende birigýändir, hem olaryň arasynda bir araçäk bardyr, ondan geçmek bolýan däldir. Ol ikisinden dür we merjen dökülýändir. Onda siz Taňryňyzyň haýsy bir nygmatyny inkär edip bilersiňiz?”
    Eý Mähriban Taňrym! Bu birleşigi mübärek eýle. Ondan dür we merjen döremegine wesile kyl. Dogrudanam Sensiň Başarjaň, Eziz, Ýalkaýjy, Mähriban hem Bagyşlaýjy.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

